Täjigistana wiza almak
Täjigistana wiza resmileşdirmek
Täjigistana syýahat etmek, gündogar myhmansöýerliginiň, baý taryhynyň we tolgundyryjy medeniýetiniň ajaýyp dünýäsine çümmek üçin mümkinçilikdir. Şeýle-de bolsa, dünýäniň bu ajaýyp künjegine gitmezden ozal wiza üçin ýüz tutmaly. 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Täjigistan Respublikasynda wiza haýyşyny tabşyrmak üçin elektron maglumat ulgamy açyldy.
Elektron wiza bermek ulgamy wiza almak prosesini amatly we çalt edýär, konsullyk edaralaryna baryp görmek we resminamalara wagt sarp etmek zerurlygyny aradan aýyrýar.
Täjigistana nädip wiza almaly?
"Hazar Merjeni" wiza merkezi, Türkmenistanyň raýatlary üçin Täjigistana elektron wiza almakda hünär kömegi hödürleýär. Resmi web sahypasynda elektron anketany doldurmakdan başlap, e-poçtaňyza elektron wiza alýança ähli prosesy ýerine ýetirýäris. Ähli resminamalaryň dogry we wiza bermekde gijä galmazlygy ýa-da ret edilmezligi üçin talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün edýäris.
Biz wiza alyş prosesiniň siziň üçin çalt, ýönekeý we amatly bolmagy üçin, siziň başdan geçirmeleriňizi meýilleşdirmäge jemlenmek üçin elimizden geleni edýäris.
Gerek resminamanalar
- Daşary ýurt pasporty (reňkli asyl nusgasy), möhleti soralýan wizanyň hereket ediş möhleti tamamlanan gününden başlap 6 aýdan az bolmaly däl.
- Türkmen pasporty (asyl nusgasy we göçürme)
- Surat 3x4 - 2 sany (sanly suratlar e-poçta arkaly iberilip bilner)
- Dogluş şahadatnamasynyň göçürmesi (çagalar üçin)
Kömek gerekmi?
Haýyş zaýawkaňyzy goýuň we wiza hünärmenimiz size ýüz tutar